dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Gazagystanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Astana şäherinde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Astanadaky uniwersitetlerde okaýan türkmen we gazak talyplarynyň, şeýle hem türkmenistanly sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

20-nji fewralda bolan çäräni Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezi gurady. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

Çärede Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Omarow Bauyržan Žumahanuly çykyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat, milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Ýusup Lallakowy, şeýle hem köp ýyllap türkmen akyldarynyň ölmez-ýitmez mirasyny öwrenen meşhur gazak alymlary we akademikleri Omurzak Ozganbaýuly, Amantaý Şerip Žarylkasynuly, Negimow Serik Nygmetollauly ýaly we beýleki çagyrylan spikerleri döredijilik duşuşygy bilen mübärekledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen döredijilik çäresiniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.

Esasy çykyşlardan soň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkeziniň zalynda sergi guraldy. Bu ýerde golýazmalar, dürli suratlar, Magtymguly Pyragynyň gazak, türkmen we rus dillerine terjime edilen goşgular ýygyndysy ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtyň özünde, çärede Magtymguly Pyragynyň «Bolar sen» goşgusyna esaslanýan meşhur gazak «Maktymkulynyn termesi» aýdymy dombranyň owazy astynda ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.