dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
TNGIZT-Medeni sport merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň gurnamagynda «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr» atly maslahat geçirildi. Ol maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysynyň dowamaty eseriniň beýanyna bagyşlanyldy. Onda DOHOM-den hem talyp ýaşlar we halypa mugallymlar çykyş etdiler.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 12 2025
Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalyş ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, “Deňiz” myhmanhanasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde Söwda we ulag hem-de maglumat alyş-çalşyk ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek üçin amallary ýeňilleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Döwlet Gümrük gullugynyň we SPECA-nyň agza ýurtlarynyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň birinji gününde Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maglumatlary we resminamalary alyş-çalyş etmek boýunça temalarda çykyşlar edildi. Hususan-da, häzirki wagtda Aktau-Baku aralygynda ýük gatnawlary boýunça maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýlandygy, geljekde bu ugurda Türkmenistanyň hem goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda maglumat alyş-çalyşygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň UN/CEFACT standartlaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Okuw maslahaty iki gün dowam eder hem-de maslahatyň ahyrynda myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyrylar.