Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň bilelikde gatnaşmagynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32-ýyllygy mynasybetli “Baky berkarar binýatly,Garaşsyz gül Diýarym bar!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr. Garaşsyzlygymyzyň 32-ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýäris.