dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde “Parahat diýarda ýaşlar siziň bilen, Arkadagly Serdarym” atly maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ähli taraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek  Hormatly Prezidentimiziň  durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlara mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna , maşgala gymmatlyklarynyň, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.