dohom@sanly.tm
Адрес Ул. Д. Азады 75, Туркменбаши
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly üns berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzda garaşylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu babatda deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak we Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan –Eýran ulag üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki bir ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gazak Lideri bilen duşuşygynyň barşynda gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu mesele boýunça gepleşiklere taýýardygyny ýene bir gezek nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan –Gazagystan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kanunbaýyň ýadygärligini ornaşdyrmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Все новости

Все новости