dohom@sanly.tm
Адрес Ул. Д. Азады 75, Туркменбаши
Ýun Sok Ýol Türkmenistana bedew batly ösüşleri arzuw etdi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi. Foruma türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gatnaşdy.Bilelikdäki forumyň çäklerinde iki ýurduň önümleriniň sergisi guraldy. Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol çykyş etdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti öz çykyşynda döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen koreý-türkmen gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga baý tebigy mümkinçilikler bar. Bu ugurda ozal gazanylan ylalaşyklar boýunça, şele hem täze gol çekilen resminamalar boýunça has-da netijeli işler alnyp barylar. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Türkmenistana türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsançy bolan ahalteke bedewiniň tizligindäki ösüşleri arzuw etdi.

Все новости

Все новости