dohom@sanly.tm
Адрес Ул. Д. Азады 75, Туркменбаши
ARKADAGLY ÝURTDA BILIM ULGAMY

       Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan bilen gurmak we döretmek ýolundan ynamly öňe barýar. Netijede halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurt Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňden görüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşymyzda uly üstünlikler gazanylýar.                                                                                                                                 

      Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesinde ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak  üstünlikli alnyp barylýar.                                                             

     Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk binýady berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň bu ugurdan gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu işler bilimiň başlangyç basgançagyndan başlap, tä ýokary bilime çenli aralygy öz içine alýar.                                                                                                           

          Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmeklik işleriň düzümine hormatly Prezidentimiziň permanlary bilen soňky ýyllarda yzygiderli açylan ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň bardygyny ýatlap geçmekilik hasam ýerlikli bolar. Hususan-da ýurdumyzda täze kemala gelýän ýa-da giň gerimde ösdürilmegi ýola goýlan ýörite senagat ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleri taýýarlamaga ugrukdyrylan ýörite okuw jaýlar açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle okuw jaýlarynyň ilkinjileriniň sanawyna Türkmen şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup durýar.                                                                                                                 

        Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty bilen ulag we kommunikasiýa toplumyny ösdürmek batly depginler bilen ýola goýuldy. Döwletimiziň çägindäki demirýollaryň uzaýan hatary goňşy döwletleriň demirýolary bilen birleşdirilip, dünýä halklaryň dostluk gatnaşyklarynyň hasam berkemegine saldamly goşant goşdy. Ata Watanymyzyň çägindäki ähli Halkara howa menzilleri döwrebap görnüşde doly abatlanylyp, paýtagtymyzda ajaýyp, deňi-taýy bolmadyk täze howa menzili gurlup ulanylmaga berildi. Şol bir sanda hut Gahryman Arkadagymyzyň özüniň başda durmagynda ýurdumyzyň “deňiz derwezesi” abatlanylyp, bu ýerde täze, ajaýyp Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gurlup ulanylmaga berildi. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmek üçin, şol sanda ilkinji nobatda deňiz we derýa ulagy ulgamyny ösdürmek üçin edilen işler mähribän Arkadagymyzyň öz başda durmaklygynda amala aşyryldy we bu işler häzirki wagtlarda hem üstünlikli dowam etdirilýär.                                                               

           Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär mekdebi hem gönüden-göni bu ulgamyň hünärmenlerini taýýarlamaklyk üçin açylan okuw mekdebi bolup durýar. Esasan okuw jaýynda bu ulgam “Gämi sürüjilik”, “Gämi energetiki gurluşlaryny ulanmak”, “Gämi gurluşygy”, “Logistikada operasion işi” ýaly hünärler boýunça talyplyga kabul edilip, ýöriteleşdirilen orta hünär boýunça bilim berilýär. Bu ugurdan mugallymlar ýörite hünär bilimli bolup, nazary bilimleri okuw tejribelikleri bilen utgaşykly alyp barýarlar. Okuw tejribelikleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýörite niýetlenilen bölümlerinde we hormatly Prezidentimiziň türkmen deňizçilerine sowgat eden täze gämilerinde guramaçylykly alnyp barylýar. Bu bolsa orta hünär okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň ösen tehnologiýalaryň enjamlaryndan doly baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem oňyn täsirini ýetirýär.                                                                                                                                           

           Biz hem öz gezegimizde ylymly-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bilimi ösdürmek barada edilýän aladalaryndan ugur alyp, mundan beýläk-de yhlasly işlejekdigimize, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys.         

           Hormatly Prezidentimize durmuşa geçirýän giň möçberli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň elmydama üstünliklere, rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

                                                                                                                                                                                        “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti N25 (6050) 20.06.2020ý 

Durdyýew Gapur

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Другие статьи

Все статьи
Card image cap
ноя 11 2024
Важные шаги на пути к продовольственной безопасности

Каждое государство определяет способы, методы и виды государственной поддержки для обеспечения своего населения продовольствием не только в стране или регионе, но и в мире. На состоявшемся в ближайшие пять месяцев текущего года совместном заседании Кабинета Министров Туркменистана и Государственного совета безопасности, посвящённом итогам, достигнутым в социально-экономическом развитии страны, определены направления, которые будут способствовать дальнейшее стабильное развитие национальной экономики, дальнейшее улучшение продовольственного обеспечения населения, создание достаточных запасов продовольственных товаров. Это подтверждают обсуждаемые вопросы в части обеспечения продовольственного снабжения на внутренних рынках. В январе-мае текущего года по сравнению с соответствующим периодом прошлого года темп роста общего объема произведенной продукции составил 11,5 процента, что является еще одним доказательством того, что в стране имеется мощная экономическая база для укрепления продовольственной безопасности в регионе. все аспекты, в частности.