dohom@sanly.tm
75 D.Azady Street, Turkmenbashi
«Arkadag» futbol toparynyň gazanan pul baýragy Aşgabatda täze çagalar kitaphanasynyň gurluşygyna gönükdiriler

Türkmen futbolçylarynyň haýyşy göz öňünde tutulyp, «Arkadag» futbol toparynyň ýakynda halkara ýaryşda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gazanan pul baýragy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçiriler hem-de ol Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine iberen, türkmen metbugatynda çap edilen Gutlagynda aýdylýar.

— «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşyňyzy göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara geldik. Bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer. «Bilimli il ozar» diýlişi ýaly, çagalaryň okamagy, öwrenmegi, sport, sungat bilen meşgullanmagy üçin bu ýerde ähli şertler dörediler. Kämil bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly çagalar biziň geljegimizdir, bagtyýar ertirimizdir — diýip, Gahryman Arkadag Gutlagynda belleýär.