dohom@sanly.tm
75 D.Azady Street, Turkmenbashi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

Soňra mejlise gatnaşyjy ýaşulular çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň ula hormat goýmagy başarýan halkdygyny, taryhy müňýyllyklara uzaýan bu sylag-sarpanyň halkyň ruhy gymmatlyklara uly sarpa goýýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere ýurdy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurtda toýlanýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlary sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly ýaşululary ýene-de bir gezek Halkara Bitaraplyk güni hem-de mynasyp bolan sylaglary bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

All news

All news