dohom@sanly.tm
75 D.Azady Street, Turkmenbashi
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ikinji mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Budapeştde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çuň many-mazmunly çykyş etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň biri hem TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ikinji mejlisini Türkmenistanda geçirmek baradaky teklipdir.

"Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýlen ajaýyp pähim bar. Eger-de siz goldasaňyz, Geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileý baýramyna gabatlap Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda aýtdy.

All news

All news
Card image cap
Feb 04 2025
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu dabaraly çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäreler Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň ýanynda başlandy. Ilki bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, köp sanly dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de bu ýerden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atly topary bilen bilelikde atly ýörişli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.