dohom@sanly.tm
75 D.Azady Street, Turkmenbashi
Astanada «Merkezi Aziýa — 2040» sebit hyzmatdaşlygy maslahatlaşylar

Ertir — 9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljermäge we geljekki wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen baglylykda, nobatdaky durşuşygyň gün tertibine giriziljke mesleler we olardan garaşylýan netijeler Gazagystanyň Strategiki gözlegler institutynyň Aziýa barlaglary bölüminiň baş hünärmeni Alişer Tastenow beýanat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, altynjy konsultatiw duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa — 2040» sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu resminama bäştaraplaýyn gatnaşygy giňeltmek we Merkezi Aziýanyň halkara we sebit derjesindäki ornuny pugtalandyrmak üçin işlenip düzüldi.
Duşuşygyň esasy maksady söwda-ykdysady, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek ýaly sebitdäki hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ösdürmäge gönükdiriler.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär we umumy kynçylyklary çözmekde bilelikdäki hereketler üçin konstruktiw meýdança bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk diňe bir syýasy däl, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, daşky gurşaw, suw, energiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da giňeldilýär. Diňe soňky 10 ýylda sebit ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,5 esse ýokarlandy we takmynan 11 milliard dollara barabar boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

All news

All news
Card image cap
Mar 26 2026
The 5th Open International Internet Olympiad was organized by the Turkmen State Institute of Architecture and Construction.

The V Open International Internet Olympiad on the subject of resistance of materials was held among students of higher educational institutions of the country and abroad, organized by the Turkmen State Institute of Architecture and Construction. This was reported in the newspaper "Turkmenistan" . The International Olympiad was attended by 877 students from 63 higher education institutions in Australia, Germany, Romania, the United States, Malaysia, China, Russia, Belarus, Kazakhstan, Kyrgyzstan, Azerbaijan, Uzbekistan, Turkey, Uganda and Pakistan. The opening ceremony of the competition, held in the main building of the Turkmen State Institute of Architecture and Civil Engineering, was attended by a large crowd. The Olympiad was held in a single round in the form of an individual competition, in which participants were presented with 6 problems related to the subject, and a total of 120 minutes were given to solve them. The judges determined the individual winners of the Olympiad based on the total number of points scored. Thus, students of higher educational institutions of Turkmenistan won 106 prize places at the international Olympiad. Among the foreign students, students from the People's Republic of China came out on top. 432 students from China participated in the competition, winning 101 prizes. Students from the Turkmen State Institute of Architecture and Construction, the Institute of Engineering and Transport Communications, the State Energy Institute, the Turkmen Agricultural University named after SA Niyazov, the International Oil and Gas University named after Yagshigeldi Kakayev, and the Turkmen Agricultural Institute particularly distinguished themselves in the competition.