dohom@sanly.tm
75 D.Azady Street, Turkmenbashi
ÝHHG-niň magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary saýlap almaga badalga berildi

ÝHHG Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça magistr derejesini almak üçin talyp hakly maksatnamasyna gatnaşjaklary ikinji tapgyra alynýandygyny yglan etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, maksatnama gatnaşmaga Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly tiz ösýän we örän möhüm bolan pudakda hünär taýdan kämilleşmek isleýän ýaş zenanlar çagyrylýar. Olar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini strategik taýdan dolandyrmak we energiýa netijelilik babatda hemmetaraplaýyn bilim alarlar. Bu bolsa halkara we milli kompaniýalarda iş-wezipe taýdan köp sanly mümkinçiliklere tarap gapylary açar.

Habarda bellenilişi ýaly, maksatnama boýunça okuwlar 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýy aralykdaky döwürde Germaniýa-Gazagystan uniwersitetinde geçiriler.

Munuň özi ýaşamak, ulag we her aýdaky talyp haklary bilen birlikde doly derejede tölegli okamaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylar hünär ugurly gatnaşyklaryň ulgamyny döretmäge, terbiýeçilik taýdan goldaw almaga, bu maksatnamanyň artykmaçlygy bolan gaýtadan dikeldilýän energetika degişli desgalara baryp görmäge mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmak isleýänler 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli haýyşnamalaryny bermelidirler.

Maksatnama baradaky giňişleýin maglumatlar ÝHHG-niň saýtynda ýerleşdirildi.

Gatnaşjaklary bellige almak hem-de goşmaça maglumatlar Germaniýa-Gazagystan uniwersitetiniň saýtynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin Alekseý Kobzewe kobzev@dku.kz, Sanýa Ahmetowa akhmetova@dku.kz, Abylaýhan Soltanaýewe soltanayev@dku.kz elektron salgylary arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Diňleýji hakly maksatnama ÝHHG-niň Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy we durnuklylyk üçin energetika ulgamynda zenanlaryň ykdysady taýdan gatnaşmagyna ýardam bermek boýunça taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Ol Awstriýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Norwegiýanyň we Polşanyň hökümetleri tarapyndan goldanylýar diýlip, habarda bellenilýär.

All news

All news
Card image cap
Mar 17 2026
The President of Turkmenistan congratulated his compatriots on the Night of Gadyr

President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov sincerely congratulated the Turkmen people on the most sacred night in the Muslim world, which celebrates the noble traditions of humanism and humanity. He also expressed his firm belief that in the year of "Independent, Eternally Neutral Turkmenistan - the Land of the Brave Horse-Murad", this blessed night will be greeted with good wishes and will further celebrate love, unity and solidarity for the beloved Motherland. As reported in the "Turkmenistan" newspaper, the head of state in his congratulatory message said: "The values ​​​​that have been formed on the glorious path of the Turkmen people and such as patriotism, unity, humanism, statehood, morality, honesty, friendship and brotherhood, humility, generosity, purity, nobility, honesty, goodness are the unshakable pillars of our national unity and spiritual world. These values, which are based on centuries-old historical experience, spiritual and moral roots, and have become the fundamental teachings of our new era, are further enriched during the holy month of Ramadan and the blessed Night of Power, strengthening our unity and solidarity. Accordingly, the Turkmen people especially honor Night of Power as a night of holiness, blessing and generosity. During the month of Ramadan, especially in honor of Night of Power, those who have passed away are remembered with kindness, and ifzachar is given. Kind words are said to each other, and tarawa prayers are performed. "Prayers and wishes are made for the further strengthening of the foundation of the Independence and Neutrality of our beloved Motherland, whose prestige in the world is growing, for the well-being of our people, and for the happiness of every family," he notes. At the end of his congratulatory message, the President of Turkmenistan once again sincerely congratulated the Turkmen people on the holy Night of Power, wishing them good health, a prosperous and happy life, and great success in their work for the further prosperity of their sovereign Motherland.