dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmebaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli ýygnak geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstümizdäki ýylda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly taryhy wakalar bilen gurşalýar. Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bu aýdylanlara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy bilen bagly hoş habaryň aýdylmagy ähli tükrmen halkynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bu taryhy şäheriň birinji tapgyry ýakyn günlerde açylyp ulanmaga berildi.

Türkmebaşy şäherindäki Deňizçilik  orta hünär okuw mekdebinde hem ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde durmuş we ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikleri giňden beýan edýän ýygnak geçirildi.

Onda esasan Arkadag şäheriniň uly amatlyklary we Nano tehnologiýadan peýdalanylýan mümkinçilikleri, täze eko awtoulagly düzgünleri, guruljak edara ediş binalarynyň arhitekturiki gurluşlary barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar