Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwümine badalga berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny hem-de belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşykly dowam etdi. Aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýanyň ýaýbaňlandyrylmagy dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ýakymly howanyň sazlaşygyny döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, halkyň milli ruhuny şöhlelendirýän aýdymlary döretmekde olara degerli maslahatlaryny berdi. Şeýle-de milli aýdym-sazlar bilen sazlaşykly hereket edýän milli eşikli oglanlara çuňňur sylag-hormatyň nyşany hökmünde «Türkmenistan» ýazgyly we bedewleriň şekili ýerleşdirilen boýun lybasyny gowşurdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäginde bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşýanlar Gahryman Arkadagyň başlangyjyndan ruhlanyp, bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, Türkmenistanda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmenistanda asylly däbe öwrülen, ählihalk bag ekmek dabaralary täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň türkmen halkynyň sagdynlygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde hem bag ekmek dabarasy ýokary derejede geçirildi.