dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi

Şu gün Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bag ekmek dabarasy Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy.

Tebigatyň biologik köpdürlüligini hem-de tebigy aýratynlyklary gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan tebigaty goramagyň toplumlaýyn strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesiniň çözülmegine anyk goşant goşýar. Bu günki ählihalk bag ekmek dabarasy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanşanda, ilkinji gezek bu şäherde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullady hem-de bag nahallary ekilenden soňra olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda degerli maslahatlaryny berdi. Munuň özi Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny durnukly ýola goýmakda türkmen arçasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny alamatlandyrdy.

Bag ekemek dabarasynyň dowamynda dürli görnüşli nahallaryň müňlerçesi ekildi hem-de ozaldan bar bolanlaryna ideg etmek işleri geçirildi.