dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.

Döwlet Baştutany Ak tamda mähirli garşylandy we «Ruzwelt» otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem sammite gatnaşmaga çakylyk üçin, ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň iki ýurduň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şeýle-de sammitiň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezident Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, ABŞ-nyň bu başlangyjy goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.