Türkmenistanda fizika boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.
Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleriniň fizika bilen gyzyklanýan we bu ugurda bilim alýan ähli isleg bildirýän talyplar olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Olimpiada mugallymçylyk institutynyň sanly platformasynda geçirilip, şahsy bäsleşik görnüşinde guralar.
Oňa gatnaşýanlar umumy fizika boýunça aşakdaky bölümlerden 5 meseläni çözmeli bolarlar: Mehanika, Molekulýar fizika, Elektrik we magnit hadysalary, Optika. Berlen meseleleri çözmek üçin 150 minut wagt berilýär. Olimpiadanyň resmi dilleri — türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Olimpiadada çykyş etmek isleýän ýokary okuw mekdepleri 20-nji noýabra çenli mugallymçylyk institutyň web sahypasynda ýerleşdirilen görnüşe laýyklykda gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallymlar barada maglumatlary iolymp-tspi@yandex.ru elektron poçtasyna ibermelidirler.