dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Aşgabatda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijileri sylaglandy

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-si we 24-i aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.

Talyplaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesilleri ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilen Halkara filosofiýa we Halkara ykdysadyýet olimpiadalarynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri bolup, olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde I (bir) tapgyrda A we B derejede dowam etdi. Halkara filosofiýa olimpiadasynda A derejä okaýan hünäri filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugury bolan talyplar, B derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly halkara ykdysadyýet olimpiadasynda hem A derejä okaýan hünäri ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurly talyplar, B derejä bolsa islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we olaryň topar ýolbaşçylary uniwersitetiň internet sahypasynda hasaba alyndylar.       

Halkara ykdysadyýet olimpiadasyna Türkmenistanyň 25 sany ýokary okuw mekdebinden 438 talyp we 13 sany daşary ýurtdan,  ýagny Bolgariýa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Polşa Respublikasyndan, Indoneziýa Respublikasyndan, Kuba Respublikasyndan, Kambodja Patyşalygyndan, Kipr Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Russiýa Federasiýasyndan jemi 30 ýokary okuw mekdebinden 615 sany talyp, jemi 1053 sany talyp gatnaşdy. 1053 sany gatnaşyjydan 262-si baýrakly orunlara mynasyp bolup, medal we ýörite Şahadatnamalar bilen sylaglanyldy. 262 medalyň 148-siniň türkmen talyplaryna degişlidigi biziň her bizimizi çäksiz buýsanja besleýär.

Halkara filosofiýa olimpiadasyna Türkmenistanyň 25 sany ýokary okuw mekdebinden 480 talyp we 13 sany daşary ýurtdan,  ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Polşa Respublikasyndan, Marokka Patyşalygyndan, Kambodja Patyşalygyndan, Kenýa Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Rumyniýadan, Indoneziýa Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Russiýa Federasiýasyndan jemi 21 ýokary okuw mekdebinden 119 sany talyp, jemi 599 sany talyp gatnaşdy. 599 sany gatnaşyjydan 251-isi baýrakly oruny eýeläp, medal we ýörite Şahadatnamalara mynasyp boldular. Medallaryň 208-siniň türkmen talyplaryna degişlidigi bellenilmäge mynasyp.

Ýer ýüzünden jemi 1652 talyby özünde jemlän Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadasynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň gatnaşyjylaryny öz içine almagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurduň bilim ulgamyndaky ýeten belent derejesiniň delilnamasydyr.