dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Awazada geçirilýän «CIET 2025» halkara maslahatynda Arkadag şäherine sylag gowşuryldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmеnistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň («CIET 2025») plenar mejlisiniň jemleri boýunça Arkadag şäherine sylag gowşuryldy. Bu barada «Türkmen Energiýa Forumy» HJ habar berýär.

Arkadag şäheri degişli sylaga Türkmenistanda gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäginde innowasion we «akylly» infrastruktura çözgütlerini durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri üçin mynasyp görüldi. Arkadag şäheriniň ýurduň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde tanalmagy we onuň 2024-nji ýylda geçirilen «World Smart City Expo» forumynda halkara baýraklara mynasyp bolmagy tehnologik ösüşiň hem-de durnukly şähergurluşygyň täze eýýamynyň nyşany boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasy maslahatyň plenar mejlisinden soň geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow açdy. Ol çykyşynda ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini nygtap, 2025-nji ýylda gurluşyk we senagat toplumlaryna 40 milliard manatdan gowrak serişde gönükdiriljekdigini belledi.

«CIET 2025» forumy 3-4-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Onuň guramaçylary hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de «Türkmen Energiýa Forumy» HJ çykyş edýär.