29-aprel Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi, “Saglygym-baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Neşe serişdeleriniň, seri dumanladyjy bikanun dolanşygyna, esasan-da bimaksat ulanylmagy netijesinde adam saglygyna zyýanly maddalary bar bolan derman serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen temmäkiden we temmäki tüssesiniň ýaramaz täsirinden daşda durýan sagdyn hem-de berk bedenli ýaşlary kemala getirmek barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çäre hukuk goraýjy edarasynyň wekilleri, lukmanlar, Türkmenistanyň Magtymguly Adyndaky Ýaşlar Guramasynyň hünärmenleri, okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde gowy netijeleri gazanylandygyny aýtdylar.
Neşekeşlik, arakhorluk ýaly zyýanly endiklere orun bolmaly däldigi, sagdyn jemgyýetde sagdyn we berk bedenli nesilleriň kemala gelmegi üçin Hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladasy barada giňişleýin gürrüň etdiler we temmäkiniň, zyýanly endikleriň neşekeşligiň we seri dumanladyjy maddalaryň adam saglygyna, maşgala agzybirligine ýetirýän zyýany barada mysallar, rowaýatlar, tymsallar arkaly giňişleýin düşündirildi.
Ondan başga-da ýaşlara jemgyýetde özüňi tertipli alyp barmak, edýän hereketleriňe jogap bermek, hukuk tertibiniň bozulmalary üçin jogapkärçilik, öz hukuklaryňa we borçlaryňa düşünmek barada wagyz etdiler. Milli Liderimiziň talyp ýaşlar baradaky edýän çäksiz aladalary, talyplaryň beden taýdan berk , ahlak taýdan arassa bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalary barada durup geçdiler we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutýan tutymly işleriniň rowaç almagyny dileg etdiler.
