Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna möhüm ähmiýet berilýär, däbe görä, ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça wajyp möwsüm guralýar. Bu işe ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de şäherleriň häkimlikleriniň, medeni ojaklaryň, bilim edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Olaryň birleşen tagallasy netijesinde, her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär, şeýlelikde, tokaý zolaklarynyň çäkleri giňeýär. Tokaý zolaklaryna, seýilgählere we her düýp baga ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky her düýp baga degişli derejede ideg edildi we täze bag nahallary ekildi.
